
Maýmynlar
(latynça – Anthropodiea, iňlisçe – monkeys, rusça – обезьяны) primatlar otrýadyna degişli süýdemdirijileriň podotrýady. Maýmynlar 2 topara: 2 maşgalany – igrunkalary we sebidleri özüne birleşdirýän atdaş 1 uly maşgalasy bolan giň burunly maýmynlara (Merkezi we Günorta Amerikada duş gelýänler); 2 uly maşgalany: pes gurluşly dar burunlylary (muňa 1 maşgala – martyşka şekilliler girýär) hem-de adama meňzeş primatlary (muňa gibbonlar we adam şekilliler maşgalalary girýär) özüne birleşdirýän dar burunly maýmynlara (Ýewropada duş gelýänler) bölünýär. Soňky uly maşgala adamlar ýa-da gominidler maşgalasy hem degişlidir.
Maýmynlaryň agramy 400 g-dan (igrunkalar), 180 kg-a we ondan hem köpräge (gorillalar), uzynlygy 15 sm-den (pes boýluja igrunkalar) 2 m-e (gorillalar) ýetýär. Adam şekilli maýmynlardan we magotlardan başga ähli maýmynlaryň guýrugy bolýar. El-aýaklary bäş barmakly, ýapyşyş organy bolup, olar agaçlaryň üstünde ýaşamaga uýgunlaşandyr. Dar burunly maýmynlaryň uly barmagy belli bir derejede beýleki barmaklarynyň garşysyna ýerleşendir. Barmaklarynyň ujy dyrnaklydyr. Maýmynlaryň ýüzünden we gulagyndan başga ýerleri tüý bilen örtülendir. Maýmynlaryň kellesi togalak, käbirleriniň ýüzi süýrüdir. Adam şekilli maýmynlaryň çeýneýiş we ýüz-keşp (mimika) muskulaturalary gowy ösendir. Maýmynlaryň dişleriniň (32-36) gurluşy adamyňka meňzeşdir. Maýmynlaryň (igrunkalardan başgasynyň) beýnisi uly we onda köpsanly keşler hem-de egrem-bugramlyklar bolup, uly ýarym şarlar beýnijigiň üstüni örtýär. Maýmynlaryň ys alyş organlary gowşak, eşidiş, görüş we syzyş organlary gowy ösendir.
Maýmynlaryň köpüsi gündizine süri bolup agaçlaryň üstünde, pawianlar, geladlar, magotlar diňe ýerde ýaşaýar. Maýmynlar miweler, ýapraklar, ýaş şahajyklar, mör-möjekler, ulitkalar, guş ýumurtgalary, ownuk guşlar bilen iýmitlenýär. Ýylanlar, maýmyn iýýän ýyrtyjy guşlar, alajagaplaňlar, krokodiller maýmynlaryň esasy duşmanlarydyr.
Maýmynlaryň bogazlyk möhleti 4-9 aý. Köplenç 1 (igrunkalar 2-3) çaga guzlaýar. Pes gurluşly maýmynlar 3-5, adam şekilli maýmynlar 7-10 ýaşlarynda jyns taýdan ýetişýär. Maýmynlar 20-60 ýyla çenli ýaşaýar.
Olar haýwanat baglary we laboratoriýalar üçin tutulýar. Maýmynlaryň biologik we medisina tejribelerini geçirmekde uly ähmiýeti bardyr. Olaryň köp görnüşleriniň sanynyň azalanlygy üçin olar goralyp saklanýar.
Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 5, sah.298