
Deňiz pyşdyllary
(latynça – Chelonioidea, rusça – Морские черепахи, iňlisçe – Sea turtles)
Süýrenijileriň bir otrýady. Boýny gysga, aýaklary ýüzgüç (last) görnüşlidir. Öň aýaklary yzky aýaklaryndan ep-esli uzynrak. Deňiz pyşdyllary ähli tropiki we subtropiki deňizlerde ýaýrap, käwagtlar aram guşaklyklaryň suwlarynda hem duşýarlar. Ömrüni suwda geçirip, diňe köpelýän wagty ýumurtga taşlamak üçin gury ýere çykýarlar. Bu otrýad iki maşgalany: derili deňiz pyşdyllarynywe hakyky deňiz pyşdyllary öz içine alýar. Hakyky deňiz pyşdyllary 3 urugdan: adaty deňiz pyşdyllaryndan, karetta we hakyky karettadan ybaratdyr. Adaty deňiz pyşdyllary ýaşyl pyşdyl (iýilýän) atly bir görnüşi tagamly eti bilen köp ýurtlarda bellidir. Ol beýleki görnüşlerden ulurakdyr. Onuň gapagynyň uzynlygy 80-110 sm-e, agramy 150-200 kg-a, käbirleriniňki 450 kg-a ýetýär. Olar suw otlary, meduzalar, mollýusklar bilen iýmitlenýärler. Deňiz pyşdyllary Karib deňzinde maý aýyndan oktýabra, Wozneseniýa adasynda ýanwardan iýuna, Seýlonda iýuldan ýanwara çenli bolan döwürlerde ýumurtga taşlaýarlar. Her ene pyşdyl denziň kenaryna çykyp, 350-500-e golaý ýumurtga guzlap, guma gömýär, 45-60 günden soň ýumurtgalardan uzynlygy 5 sm bolan pyşdyllar çykýarlar. Ýumurtgalaryny köplenç ýylanlar, itler, ýenotlar, ýaguarlar tapyp iýýärler. Deňiz pyşdyllarynyň bir görnüşi bolan bissanyň gapagy darak, ilik we gaýry zatlary ýasamak üçin ulanylýar.
Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 3, sah. 115