http://gollanma.com/wp-content/uploads/2012/03/buyra-gotan.jpg

Gotan

(latynça – Pelecanus, iňlisçe – pelican, rusça – пеликан)
Guşlar klasynyň kürek aýaklylar otrýadyna degişli iri suw guşy. Onuň bedeniniň uzynlygy 1.8 m, ganatynyň uzynlygy 640-770 mm, agramy 8-12 kg, uzyn çüňküniň aşagynda holtumy bolýar. Gotanyň ganatlary uzyn, guýrugy gysga, ýelekleriniň reňki, esasan, agymtyl-gyzgylt ýa-da çal, ganatlarynyň iri ýelekleri goňras ýa-da gara bolýar. Gotanyň aýaklarynyň barmagynyň arasy ýüzgüç perdelidir. Gotan yssy hem aram guşaklyklarda ýarandyr. Onuň 8 görnüşi bar. Öňki sowet döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň faunasynda gyzgylt gotan (Pelecanus onocrotalus) we buýra gotan  (Pelecanus crispus) görnüşleri bar. Olar köplenç Aral, Kaspi, Azow hem Gara deňizleriniň we olara guýýan derýalaryň kenarlarynda mesgen tutýar. Türkmenistanda ýaz we güýz aýlary Amyderýa, Murgap, Tejen, Etrek, Garagum derýalarynda, Kaspi deňziniň ýakasynda we Köpetdag eteklerinde gotanyň iki görnüşi duşýar. Gotan suwda gowy ýüzýär. Süri bolup höwürtgeleýär. Ýumurtgasynyň reňki ak, sany 2-5 bolýar. Ýumurtga basmaga gotanyň iki jynsy hem gatnaşýar (35-40 günläp). Ol balyk bilen iýmitlenýär.
Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 2, sah.339-340